Bloomberg: Dubaýda auksionda awtoulagyň belgisi rekord 15 million dollara satyldy

  • 12.04.2023 14:53
  • 23k+

Awtoulagyň belgisi Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) auksionda rekord 55 million dirheme (15 million dollar töweregi) satyldy. Bu barada duşenbe güni Bloomberg agentligi habar berdi.

Onuň habaryna görä, Emirates Auction  kompaniýasy şenbe güni haýyr-sahawat auksionynda P7 awtoulag belgisini satdy. Aýdylyşyna görä, ondan gelen pullar Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti we premýer-ministri, Dubaýyň hökümdary Muhammet bin Raşid Al Maktumyň mätäçlere kömek bermek maksatly "1 milliard paý" atly ynsanperwerlik başlangyjyny durmuşa geçirmäge gönükdiriler. Guramaçylar auksionda ýeňijiniň adyny aýan etmediler.
BAE-de auksionda awtoulag belgilerini satmak häli-şinde bolýan ýagdaý. Öňki rekord şeýle auksionlaryň birinde 2008-nji ýylda goýlupdy. Ýerli telekeçi Said Abdel Gaffar Hury Abu-Dabide 1 diýen sanly belgi üçin 52,2 million dirhem (häzirki walýuta hümmeti boýunça takmynan 14,2 million dollar) töledi.


04.06.2026 17:17
4.7k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....