Remezan aýynyň Gadyr gijeli günleri başlandy

  • 11.04.2023 18:35
  • 61k+

«Müň aýdan hem haýyrly» bolan Gadyr gijesi Remezan aýynyň esasy aýratynlyklarynyň biri. Bu diňe şu aýyň däl, eýsem ýylyň hem iň mübärek gijesi hasaplanylýar. Gadyr gijesinde okalan aýat-töwirleriň, edilen dileg-dogalaryň, has çalt kabul bolýandygy, berlen sadakalaryň, edilen ýagşylyklaryň ýerine düşýändigi aýdylýar. Remezanyň soňky ongünlüginde tagat-ybadatlara has köp yhlas etmek ündelýär. Muhammet alaýhyssalamyň özi hem bu mübärek aýyň hut şu möwsüminde bilini bek guşap, has köp haýyr-sahawat hem ybadat eder ekeni. Ýylyň iň bereketli möwsüminde haýyr-sogapdan binesip galmazlyklary üçin  maşgalasyna hem şeýtmegi ündäpdir. Çünki, Remezanyň öňümizdäki täk gijeleriniň haýsy hem bolsa biri Gadyr gijesidir.

Aýtmaklaryna görä, Gadyr gijesi Remezanyň haýsy hem bolsa bir gijesine gabat gelýärmiş, emma şol gijäni takyk bilýänler örän azdyr. Hadyslarda Pygamberimiziň: «Gadyr gijesini Remezanyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň» diýendigi beýan edilýär. Şondan ugur alsak, 2023-nji ýylyň Remezan aýynyň Gadyr gijeli günleri aprel aýynyň 11-den 12-ne geçilýän gijeden başlanýar. Soňra 13-den 14-ne, 15-den 16-na, 17-den 18-ne we 19-dan 20-ne geçýän gijeleriň hem haýsydyr biri Gadyr gijesi bolup biler.

Mübärek gijelerde toba edip, günäleriniň geçilmegini dilemek, Gurhan okamak, haýyr-sahawat etmek ündelýär. Şonuň ýaly-da, bu gije ýoksul-mätäçlere, hossarsyzlara ýardam berip, olary begendirmek, olaryň alkyş-dogalaryny almak iň sogaply amallaryň biri hasap edilýär. Il-güne, halkyňa, ýurduňa edilýän ýagşy dileg-dogalaryňam tiz kabul bolýandygy aýdylýar.  Üstesine şeýle ýagşy zatlar rysgal-bereketiňi hem artdyrýar.  Gadyr gijesi we onuň aýratynlyklary hem-de bu gijäni beýleki gijelerden tapawutlandyryp bilmegiň ugur-usullary hakda has giňişleýin maglumatlary şu salgydan öwrenip bilersiňiz.

Goý, bu gijede edýän ybadatlaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz Biribaryň dergahynda kabul bolsun!

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......