Microsoft Windows 10 21H2 operasion ulgamynyň goldawyny bes edýär

  • 11.04.2023 10:39
  • 3.4k+

Microsoft kompaniýasy meşhur OS wersiýalarynyň birine goldawyň ýakyn wagtda bes ediljekdigi barada Windows 10-nyň ulanyjylaryna habar iberip başlady. Bu barada Neowin portaly tarapyndan habar berilýär.

Gürrüň Windows 10 21H2 barada barýar - Windows 10 Home, Pro, Pro Education we Pro for Workstations indi 2023-nji ýylyň 13-nji iýunyndan resmi täzelenmeleri almaz. Bu wersiýalar üçin iň soňky täzelenme iýun aýynda hem çykar.
Şeýle hem, bu Windows 10-da ýokarda agzalan üýtgeşmeleriň häzirki kiber howplardan goranmak bilen aýlyk howpsuzlyk maglumatlaryny almajakdygyny aňladýar. Microsoft bu ulgamlary ulanýanlary, hakerleriň potensial pidasy bolmazlyk we ähli maglumatlaryňy saklamak üçin, derrew Windows 10-yň ýa-da Windows 11-iň täze wersiýalaryna geçmäge çagyrdy.
2023-nji ýylyň mart aýynda Windows 11-iň kompýuter ulanyjylarynyň paýynyň 20% -den geçendigi mälimdir. Şol bir wagtyň özünde, Windows 10 Microsoft-yň müşderileriniň arasynda iň meşhurlygyna galýar - häzirki wagtda kompýuter eýeleriniň 73,5% -i ony ulanýar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
899

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...