Kripto milliarderler 2022-nji ýylda 110 milliard dollar ýitirdi

  • 10.04.2023 12:45
  • 10k+

2022-nji ýylyň jemi boýunça kripto milliarderler baýlygynyň 75%-ini ýitirdi. 2023-nji ýylyň mart aýyna çenli 12 aýyň içinde pudagyň iň baý 19 adamsynyň umumy maýasy 140 milliard dollardan 30 milliard dollara çenli azaldy. Bu barada Forbes USA habar berýär.

2021-nji ýylyň jemi boýunça neşir 2022-nji ýylyň ýazynda umumy baýlygy 140 milliard dollar bolan 19 sany kripto milliarderiň sanawyny düzdi. Häzirki wagtda sanawdan on adam milliarder derejesini ýitirdi.
Munuň sebäbini Forbes kripto bazaryndaky düýpli pese gaçyşlyk, galplykda aýyplamalar, hökümetiň kazyýet arzalary, azar bermeler we beýleki meseleler bilen düşündirýär.
Iň uly Binance kriptobiržasyny esaslandyryjy Çanpen Çžao kriptowalýutalar pudagyndaky iň baý milliarder bolmagynda galýar. Şeýle-de bolsa, onuň baýlygy bir ýylda 65 milliard dollardan bolanlygyndan 10,5 milliard dollara çenli azaldy. Täzelenen sanawda ikinji orunda bary-ýogy 100 000 dollar ýitiren Jed Makkaleb (2,4 milliard dollar) durýar.
Iň uly pese gaçyşlyk batan FTX kriptobiržasyny esaslandyryjy Sem Benkman-Fridiň çökmegi boldy. Şondan soň telekeçi kezzaplykda aýyplanyp tussag edildi. 12 aýyň dowamynda FTX-nyň öňki ýolbaşçynyň baýlygy 24 milliard dollar bolanlygyndan 4 million dollara çenli azaldy.
CoinMarketCap-yň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri bir ýylda kripto bazarynyň kapitallaşmasy takmynan 700 milliard dollar azaldy we 1 trillion dollar boldy.


03.10.2025 17:03
4.2k+

Pawel Durow bitkoiniň $1 mln çenli ösüşini çaklady we Telegram-y “ýitgili taslama” diýip atlandyrdy

Telegram messenjeriniň esaslandyryjysy we işewür Pawel Durow bitkoiniň geljegi barada pikirleri bilen paýlaşdy. Onuň pikiriçe, kriptowalýutanyň bahasy bir million dollara ýetip biler. Ol öz çaklamasyny žurnalist Leks Fridman bilen söhbetdeşlikde aýtdy...

30.09.2025 16:59
2.6k+

Dünýäde kriptomillionerleriň sany bir ýylda 40% artyp, 241 700-e ýetdi

Soňky bir ýylda dünýäde kriptowalýuta millionerleriniň sany 40% artyp, 241 700 adama ýetdi. Bu barada Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň hasabatyna salgylanyp, CoinDesk habar berýär. Kriptomillionerleriň sanynyň artmagy bazaryň ösüşi bilen baglanyşyklydyr: iýunda onuň kapitalizasiýasy 3,3 trln dollara ýetdi, bu bir ýyl ozalkydan 45% köpdür...

06.09.2025 16:32
7.7k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

14.04.2024 14:46
9.4k+

Kriptowalýutalar birden 10-30% arzanlady. Bitkoin ýitiren bahasynyň bir bölegini yzyna almagy başardy

Şenbe güni geçirilen söwda sessiýasynda bitkoiniň hümmeti düýpli üýtgäp başlady. Iki sagadyň dowamynda esasy kriptowalýutanyň bahasy, takmynan, 10% arzanlap, 60-61 müň dollar töweregi aşaklady, hatda, birža baglylykda...