Forbes dünýädäki iň köp milliarder ýaşaýan şäherleriň sanawyny çap etdi

  • 10.04.2023 12:42
  • 23k+

«Forbes-iň» iň köp milliarderiň resmi taýdan ýaşaýan şäherleri baradaky däp bolan reýtingini çykardy. Nýu-Ýork ýene-de aşa baý telekeçileriň arasynda iň meşhur şäher boldy.

Amerikan «Forbes-niň» maglumatlaryna görä, Nýu-Ýorkda 101 milliarder ýaşaýar (olaryň umumy baýlygy 616,8 milliard dollar).

Sanawyň dowamy:
2-nji ýerde - Gonkong (70),

3-nji ýerde - Pekin (68), 2022-nji ýylda ikinji ýerden aşak düşdi,
4-nji ýerde - Şanhaý (65), 2022-nji ýylda bäşinji ýerden ýokary süýşdi,
5-nji ýerde - London (61)
6-njy ýerde - Moskwa (61), geçen ýyldakydan 8 san köp, olaryň umumy baýlygy 307 milliard dollar, bu 2022-nji ýyldakydan 92 milliard dollar köp.
Bu şäherlerden başga-da dünýäniň iň baý telekeçileri Mumbaýy (7-nji ýer), Şençženi (8-nji ýer), Singapury (9-njy ýer), Delini we San-Fransiskony (10-njy ýer) saýlaýarlar.
Şeýlelik bilen, iň meşhur 10 şäheriň sanawynda dünýäniň aşa baý telekeçileriniň köpüsiniň saýlaýany Hytaýyň şäherleri bolmagynda galýar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....