Apple AirPods nauşniklerinde täze ses gowulandyryş ulgamyny patentledi

  • 10.04.2023 12:37
  • 5.6k+

ABŞ-nyň Haryt nyşanlary we patentler edarasynyň (USPTO) saýtynda Apple kompaniýasyndan berlen täze arza peýda boldy, onda AirPods seriýaly nauşnikler üçin ses gowulandyryş ulgamy suratlandyrylýar. Bu barada GizmoChina neşiri habar berýär.

Täze tehnologiýa "Wirtual diňleýiş gurşawyny ölçemek" diýip atlandyrylýar. Arzada beýan edilişine görä, ol jaýyň akustiki aýratynlyklaryndan ugur alýan nauşnikdäki sesi awtomatiki kalibrlemegiň mehanizmi bolup durýar. Patentiň beýanynda aýdym diňlemek we awtoulagda, synp otagynda, otluda, otagda we beýleki ýerlerde wideo görmek üçin sazlamagyň ýollary beýan edilýär.
Sazlamada nauşnigiň mikrofonlarynyň, şeýle hem hasaplaýyş bölümleriniň işlediliş usullary bolar diýip bellenilýär. Algoritm adamyň haýsy otagdadygyny kesgitlär, gulak geçelgesindäki akustiki basyşy ölçär we ses ýa-da wideo faýlyň asylky ölçeglerine laýyklykda sesi sazlar.
Kompaniýanyň bu pikiri durmuşa geçirjegi-geçirmejegi entek belli däl. Adatça, Apple-iň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan äşger edilen patentleriniň köpüsi diýen ýaly konsepsiýa bolmagynda galýar.


17.06.2026 11:15
2.3k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 07:37
2.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....