Toyota täze Corolla Cross Hybrid 2023 krossowerini​ tanyşdyrdy

  • 08.04.2023 16:58
  • 20k+

Toyota kompaniýasy Alabamanyň Hantswil şäherinde ýerleşýän Mazda Toyota-nyň täze zawodynda ýygnaljak​2023​ -nji model ýylynyň Toyota Corolla Cross Hybrid krossowerini​ hödürledi.

Toyota Corolla Cross 2023 -iň täze modifikasiýasy TNGA-C platformasynda guruldy we umumy kuwwaty 196 at güýjüne deň bolan 2,0 litrlik I4 hereketlendirijisini öz içine alýan bäşinji nesliň gibrid elektrik gurluşy bilen enjamlaşdyryldy. Awtoulag​ tigirleri doly hereketlendiriji bilen üpjün ediler we sagatda 0-dan 100 km tizlige çykmak üçin​ 8 sekunt gerek bolar.

Toyota Corolla Cross Hybrid 2023​ üç toplumda bolar: S, SE we XSE. Esasy wersiýalarynda 17 dýuýmlyk ýeňil​ garyndy tigirleri, 8 dýuýmlyk duýgur ekranly maglumat ulgamy, LED optika, sport podweskaly we açarsyz girişli bolar. SE wersiýasynda üçek reýlingli, dest asty çalşyklary, kör nokatlara gözegçilik we yzky ýol hereketi duýduryşy bolar.

Has köne wersiýasynda 18 dýuýmlyk garyndy tigirleri, premium LED optika, Softex oturgyçlary, gyzdyrylýan öňdäki oturgyçlar we sürüjiniň oturgyjynyň elektrosazlaýjylary bolar.

Toyota-nyň baha bermegine görä, 2023-nji ýylda öndürilen Toyota Corolla Cross Hybrid awtoulag ýolunda 100 km üçin 5,2 litr​ we şäherde 100 km üçin 6,2 litr benzin sarp eder .

ABŞ-da ulagyň bahasy 27,970 dollardan başlaýar, tomusda satylyp ugralar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......