BSG: Dünýäde azyk önümleriniň bahasy 18%, dökünleriňki 63% ýokarlandy

  • 07.04.2023 07:29
  • 10k+

2022-nji ýylda dünýäde azyk önümleriniň bahasy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18%, dökünleriň bahasy 63% ýokarlandy.

Bu san maglumaty Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) hasabatyndan gelip çykýar diýip, Report belleýär.

"Azyklaryň bahalary 2022-nji ýylyň dowamynda güýçli üýtgäp durmak bilen, ýanwar-maý aýlarynda 19% ýokarlandy, soňra maý-dekabr aýlarynda 15% aşaklady. Bir ýylyň dowamynda azyk önümleriniň bahasy, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 18% gymmatlady, şol sanda gallanyň bahasy 21% ýokarlandy" - diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýlelik bilen, dökünleriň bahasy ýylyň dowamynda hasam ýokarlandy - 63%.
Gurama azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň oba hojalygynyň önümçiliginiň ösmegine itergi bermelidigini aýtdy. Bu bolsa öz gezeginde azyk önümleriniň elýeterliligini ýokarlandyrmaly we bahalaryň arzanlamagyna sebäp bolmaly.

"Beýleki tarapdan, işläp bejerilýän ekin meýdanlarynyň azalmagy we dökünleriň gymmatlygy hasyllylygyň peselmegine we bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler" - diýip, BSG nygtaýar. 


26.02.2026 12:29
9.7k+

Dünýäde iň köp ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň reýtingi düzüldi

Dünýäde şeker çiňriginiň ýygnalyşy tas iki milliard tonna ýetdi, bu bolsa ony planetanyň iň köp öndürilýän oba hojalyk ekini edýär diýlip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) habarynda aýdylýar. Guramanyň 2024-nji ýyl üçin statistiki maglumatlaryna görä, bu ekiniň ýyllyk önümçilik göwrümi 1,94 milliard tonna deňdir...

20.02.2026 17:07
1k+

Rimde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T...

05.02.2026 23:01
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

23.01.2026 11:22
869

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...