Frenk Lempard “Çelsiniň” baş tälimçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji bellenildi

  • 07.04.2023 01:08
  • 8.3k+

Frenk Lempard şu möwsümiň ahyryna çenli Angliýanyň “Çelsi” futbol klubunyň baş tälimçisiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Biz Frenki “Stemford Brijde” ýene-de hoş gördük. Frenk – Angliýanyň premýer-ligasynyň Şöhrat zalynyň agzasy we klubuň legendasy. Hemişelik baş tälimçini gözlemek bilen bagly agyr we ýadaw işi dowam etdirmek bilen biz kluba we janköýerlerimize möwsümiň galan bölegi üçin anyk we durnukly meýilnamany hödürlemek isleýäris. Frenk möwsümi tamamlamak üçin bize gerek bolan ähli häsiýetleri we taraplary özünde jemleýär” – diýlip, klubuň egindeş eýeleri Todd Boli bilen Behdad Egbaliniň beýanynda bellenilýär.

44 ýaşly Lempard şu möwsümiň dowamynda “Çelsiniň” dördünji halypasy boldy. “Çelsi” 29 oýunda 39 utuk bilen ýurduň çempionatynda 11-nji orny eýeleýär. Çempionlar ligasynyň dörtden bir finalynda topar Madridiň “Realy” bilen oýnar.

Lempardyň soňky iş ýeri “Ewerton” boldy, ol kluba 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda ýolbaşçy bolupdy. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda hünärmen işden aýryldy. Lempard 2019-njy ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda-da “Çelsiniň” baş tälimçisi boldy. 2018/19-möwsüminde ol “Derbi Kauntä” ýolbaşçylyk etdi.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....