Türkmenistanda suratlary we resminamalary onlaýn çap etmek üçin sargyt edilýän «Fotolab» goşundysy işläp başlady

  • 06.04.2023 18:18
  • 18k+

Çagany çagalar bagyna, mekdebe berlende, ýokary okuw mekdebine girilende, täze e geçilende, daşary ýurtlara dynç almaga ýa-da iş sapary bilen gidilende resminamalar üçin fotosuratlar gerek bolýar. Türkmenistanda täze hereket edip başlan «Fotolab» mobil goşundysy telefonyň galereýasyndan taýýar suraty saýlap ýa-da telefon kamerasyna düşürip, gerekli ölçegleri, mysal üçin 3x4 sm saýlamaga we çap edilen görnüşde öýüňe sargyt etmäge mümkinçilik berýär.

«Fotolab» mobil goşundysy nähili hyzmatlary hödürleýär?

Resminamalar üçin suratlary çap etmek
Häzirki zaman smartfonlarynda ýüzlerçe we müňlerçe suratlar toplanýar. Olaryň arasynda biz üçin has gymmatly suratlar bolýar. Emma foto studiýalara baryp, olary çap etmek üçin bolsa wagt tapmak kyn bolup biler. Indi ulanyjylar «Fotolab» mobil goşundysnyň üsti bilen 3-den 90 santimetre çenli islenýän ululygy saýlap, onlaýn çap etmegi sargyt edip bilerler.

Foto suwenirler, sowgatlyk ýadygärlikler
«Fotolab» şeýle hem suwenirleri — suratlaryňyz ýerleşdirilen bokallary, futbolkalary, ýassyklary we ş.m. sowgatlyklary taýýarlap bermek hyzmatyny hem hödürleýär.

Resminamalary çap etmek
Çap etmegiň bu görnüşinde, referatlary, prezentasiýalary we beýleki resminamalary dürli ölçegde (A2/A3/A4/A5), reňkli ýa-da ak-gara görnüşde çap etmek mümkinçiligi elýeterli.
Mobil goşundy häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň  foto studiýalary bilen iş alyp barýar, şol bir wagtda eýýäm beýleki şäherler bilen gepleşikler geçirilýär. Ýakyn wagtda hyzmat Türkmenistanyň ähli ýerinde hem elýeterli bolar.
«Fotolab» mobil goşundysyny düzüjiler ony yzygiderli kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler. Mobil goşundynyň soňky täzelenmesinde şular elýeterli bolar:

  • Köne suratlary dikeltmek, surat dizaýny, suratlary düzetmek we täzeden işlemek, kalendarlar, otkrytkalar, korporatiw wizit kartoçkalary we nyşanlary döretmek, suratlar, surat albomlary, breloklar we telefonyň daşyna surat çap etmegi we ş.m. üçin funksiýalar goşular;
  • Fotoçy gözlemek we fotosessiýa sargamak;
  • Suratkeşe telefondaky suratdan surat çekdirmek

Mobil goşundy häzirlikçe Android smartfonlary üçin elýeterlidir. Emma iOS üçin niýetlenen görnüş hem çykmaga taýýarlanýar. Şeýle hem ulanyjylaryň kompýuter arkaly işlemegi üçin web wersiýany açmak meýilleşdirilýär.
Soraglar ýa-da teklipler bilen şu salga ýüz tutup bilersiňiz: admin@fotolabtm.com

Mobil goşundyny Play Market-den ýükläp almak üçin şu ýere basyň!


18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......