Volkswagen 2025-nji ýyldan soň benzin bilen işleýän awtoulaglaryň täze modellerini öndürmegi bes eder

  • 05.04.2023 06:56
  • 17k+

Volkswagen-iň içinden ýandyrylýan hereketlendirijili iň soňky täze modelleri Passat, Tiguan, T-Roc, şeýle hem Hytaý bazary üçin Taýron kysymly wsedorožnik bolar. Muny kompaniýanyň ýolbaşçysy Tomas Şefer Automobilwoche neşirine habar berdi.   Volkswagen Golf-yň benzin bilen işleýän hereketlendirijili dokuzynjy neslini çykarmagy meýilleşdirmeýär, ýöne Şeferiň sözlerine görä, ýagdaý üýtgäp biler.

Volkswagen şu ýyl Passat -yň täze neslini hödürlär, ýöne ony diňe uniwersal kuzowynda çykarar. Şu ýylyň özünde eýýäm synagdan geçirilýän täze Tiguan peýda bolar we 2025-nji ýylda T-Roc düýpli täzelener. Volkswagen-iň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, bular täze nesilleriň Ýewropa bazaryna çykjak iň soňky benzin modelleridir.
Muňa ugurdaşlykda, kompaniýa bar bolan model hataryny täzelemegi meýilleşdirýär. Mysal üçin, 2024-nji ýylda Golf-yň häzirki nesli içki-daşky täzelenmä sezewar bolar. Täzelenen görnüşde modeli onýyllygyň ahyryna çenli satmak isleýärler, şondan soň Golf indi döredilmeli platformada elektrokar bilen çalşyrylar. Şol bir wagtyň özünde, Şefer 2026-njy ýa-da 2027-nji ýylda ýagdaý üýtgese, Volkswagen-iň içerki ýangyç hereketlendirijisi astynda dokuzynjy Golf-y gaýtadan işläp biljekdigini aýtdy.
Barha berkeýän daşky gurşaw ülňüleri kiçi awtoulaglary girdejisiz edýänligi sebäpli, kompaniýa has ykjam Polo hetçi önümçilikden doly aýyrmakçy bolýar. Mundan başga-da, Volkswagen -iň eýýäm şol bir bahanyň çäginde geljekde onuň ornuny tutup biljek  ID.2all elektromobili bar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......