Tesla I çärýekde müşderilere rekord derejede 422,9 müň awtomobil iberdi

  • 05.04.2023 16:13
  • 7.3k+

Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla birinji çärýekde üpjünçiligi geçen üç aý bilen deňeşdirilende 4% ýokarlandyryp, kompaniýanyň taryhynda rekord 422 875 awtomobile ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.

Şol sanda Model S we Model X awtomobilleriniň üpjünçiligi 10 695 birlik, Model 3 we Model Y awtomobilleriniň üpjünçiligi 412 180 birlik boldy.
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler üpjünçiligiň ortaça 432 müň birlik derejesinde bolmagyny çaklapdylar.

“Ýylyň başynda Model Y we Model 3 modelleriniň bahasynyň arzanlamagy Ilon Maska we onuň kompaniýasyna uly peýda getirdi, sebäbi näbelli makroykdysady ýagdaýa garamazdan isleg örän güýçli. Şeýle-de, biz geçen çärýek Hytaýda sarp edijileriň islegi gowulaşdy diýip hasaplaýarys” – diýip, Wedbush analitigi Deniel Aýwz ýazýar.

Geçen çärýek Tesla 440,8 müň awtomobil çykardy. Kompaniýa birinji çärýek üçin maliýe hasabatyny 19-njy aprelde ABŞ-daky söwda ýapylandan soň çap etmegi meýilleşdirýär.
Birinji çärýekde awtoöndürijiniň paýnamalarynyň bahasy 68% ýokarlanyp, 2020-nji ýyldan bäri iň gowy çärýegi görkezdi.


01.03.2026 10:42
9.4k+

Ýewropa we Hytaý bazarlaryny elden gidirýän Tesla üçin Mask Aýyň ýüzünde zawod gurmak isleýär

Ilon Mask Tesla kompaniýasynyň geljekki 20 ýylyň dowamynda Aýda önümçilik zawodyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol bu barada Giga Berlin zawodynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy we maýadarlaryň kompaniýanyň uzak möhletli geljegine üns bermelidigini belledi...

04.02.2026 15:29
8.7k+

Ilon Maskyň baýlygy 850 mlrd dollardan geçdi: Ol eýýäm şu ýyl dünýäde ilkinji trillioner bolup biler

Ilon Mask maliýe rekordlaryny täzeden ýazýar. Onuň umumy baýlygy 852 milliard dollara ýetdi we ol kapitaly 800 milliarddan aşan dünýädäki ilkinji ynsan boldy. Bu duýdansyz ösüş SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşmegi netijesinde ýüze çykdy...

31.01.2026 14:33
7.6k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

24.01.2026 09:42
1.4k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...