Bloomberg: Russiýanyň iň baý işewürleriniň baýlygy ýylyň başyndan bäri 13 mlrd dollar artdy

  • 04.04.2023 17:40
  • 22k+

Bloomberg tarapyndan neşir edilen "Milliarderleriň indeksinde" (Bloomberg Billionaires Index) Russiýanyň iň baý telekeçileriniň baýlygynyň şu ýylyň başyndan bäri 13,17 milliard dollar artandygy görünýär. Bu, esasanam kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasyna görä hasaplanýar diýip, TASS ýetirýär.

Bloomberg Billionaires Index-iň maglumatlaryna görä, ýylyň başyndan bäri “Lukoýlyň” esaslandyryjysy Wagit Alekperow 3,17 milliard dollar gazandy, onuň baýlygy 18,5 milliard dollara çenli artdy, "Nowategiň" başlygy Leonid Mihelsonyň baýlygy 1,65 milliard dollar artyp, 26,3 milliard dollara ýetdi. Russiýalylaryň ikisiniň hem nagt serişdeleriniň gymmaty diwidendleriň, içerki söwdanyň, salgytlaryň we bazar şertleriniň seljermesine esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde, NLMK-nyň direktorlar geňeşiniň başlygy Wladimir Lisin 1,17 milliard dollar gazanyp, onuň baýlygy 21 milliard dollar boldy.
Habarlar gullugy 2012-nji ýylyň mart aýyndan bäri dünýädäki iň baý 500 adamyň ýagdaýy baradaky maglumatlary öz içine alýan Bloomberg Billionaires Index-i neşir edýär.


23.04.2024 22:48
14k+

Emeli aň nädip girdejini milliardlap artdyrmaga kömek edýär? Rus kompaniýasynyň mysalynda

Emeli aň (AI) esasly tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy Russiýanyň X5 Group kompaniýasyna 2023-nji ýylda, takmynan, 5 milliard rubl gazanmaga mümkinçilik berdi. “Pýatýoroçka”, “Perekrýostok” we “Çižik” azyk önümleriniň...

15.04.2022 06:28
4.6k+

«Ýandeks» täze baş direktoryny belledi

Artýom Sawinowskiý «Ýandeksiň» täze baş direktory bellenildi. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar. Kompaniýanyň öňki baş direktory Ýelena Bunina aýrylandan soň, Sawinowskiý bu wezipäni wagtlaýyn...

01.04.2026 19:33
5.1k+

«Galatasaraý» tutuş Türkiýe boýunça kafe ulgamyny açmagy meýilleşdirýär

«Galatasaraý» futbol kluby täze girdeji çeşmesini — «GS Store Cafe» brendi bilen kafeler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama françaýzing modeli boýunça ösdüriler we Türkiýäniň ähli çäklerini öz......

31.03.2026 16:42
4.4k+

Hermès 5150 dollarlyk zarýad berijili torbasyny tanyşdyrdy

Hermès kompaniýasy MagSafe zarýad beriş ulgamy bilen üpjün edilen Grand Paddock torbasyny hödürledi. Täze aksessuara 5150 dollar baha kesilýär....