4 ýaşly oglanjyk kitabyny neşir eden iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 04.04.2023 06:18
  • 28k+

Birleşen Arap Emirliklerinden bir oglanjyk dünýäde kitabyny çap eden iň ýaş adam boldy. Ol şol wagt 4 ýyl 218 gün ýaşyndady. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Said Raşed Almheýri özüniň “Pil Said we aýy” atly kitabyny çap eden wagty 4 ýyl 218 gün ýaşyndady.
Kitaby ýagşylyk we dostluk barada gürrüň berýän Almheýri eseri ýazmaga ony iki dilde ýazylan kitabyny neşir eden iň ýaş zenan we iki dilde ýazylan kitap seriýasyny neşir eden iň ýaş zenan hökmünde Ginnesiň rekordçysy titulyna eýe bolan gyz dogany Aldhabiniň ruhlandyrandygyny aýdýar.

“Biz bilelikde okaýarys, ýazýarys, surat çekýäris we başga-da köp zatlary edýäris. Men öz kitabymy ýazdym, sebäbi meniň hem öz kitabymyň bolup biljekdigini duýdum” – diýip, Said belledi.


04.06.2026 17:17
4.7k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....