«Çelsi» Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşatdy

  • 03.04.2023 21:57
  • 10k+

Londonyň "Çelsisi" Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşadandygyny mälim etdi. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi.

Baş tälimçiniň wezipesini Bruno Saltor ýerine ýetirer.

“Klubdakylaryň hemmesiniň adyndan Greme Çelsä goşan goşandy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Greme tälimçi we şahsyýet hökmünde iň uly hormatymyz bar. Elmydama özüni hünär taýdan ýokary taýýarlykly adam hökmünde we dogruçyl alyp barýardy, onuň gidýänine hemmämiz lapykeç bolýarys.
Möwsümi ýokary derejede tamamlamak üçin bu oýunlaryň hersinde elimizden gelenini gaýgyrmarys "- diýip, klubuň şärikdeş eýeleri Todd Bouliniň we Behdad Egbaliniň beýanatlarynda aýdylýar.

47 ýaşly Potter 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda London klubuny kabul edip, baş tälimçi hökmünde nemes Tomas Tuheliň ornuny eýeledi. Iňlis tälimçisiniň şertnamasy 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli göz öňüne tutulandy.
“Çelsi” 38 utuk bilen iňlis premýer-ligasynda 11-nji ýerde durýar.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....