Utreht Ýewropanyň bäsdeşlige has ukyply sebiti hökmünde saýlandy

  • 02.04.2023 17:48
  • 5k+

Niderlandlaryň Utreht şäheri Ýewropanyň bäsdeşlige has ukyply sebiti boldy. Bu barada Ýewropa komissiýasy tarapyndan neşir edilen Sebitleýin bäsdeşlige ukyplylyk indeksinde (RCI) aýdylýar diýip, euro-pulse.ru habar berýär.

Sebitleýin bäsdeşlige ukyplylyk indeksi 11 topara bölünen 70 görkeziji esasynda hasaplanýar: profil edaralar, makroykdysady durnuklylyk, infrastruktura, saglyk, başlangyç bilim, ýokary bilim, zähmet bazary, bazaryň göwrümi, tehnologiki ösüş, ýerli işewürligiň çylşyrymlylyk derejesi we innowasiýa.
Utreht ýokary bilimli işleýän ilatyň paýy, innowasiýalar we bazaryň göwrümi boýunça ýokary orunlary eýeleýär. Indekse görä, zähmet bazaryndaky ýaş adamlaryň mümkinçilikleri bu ýerde beýleki sebitler bilen deňeşdirilende örän ýokary. Mundan başga-da, Utrehtde zähmet bazarynda aýallaryň paýy hem uly bolup, bu olaryň bilim derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Liderleriň üçlügine Niderlandlaryň ýene bir sebiti – Zeýd-Holland we Fransiýanyň Il-de-Frans sebiti girdi.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

25.05.2026 15:17
6.5k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....