Ýewrostat: ÝB-niň ilaty 2100-nji ýyla çenli 6% azalyp biler

  • 02.04.2023 17:44
  • 6.4k+

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň ilaty 2100-nji ýyla çenli 6% azalar diýip, ÝB-niň statistika gullugy Ýewrostat çaklaýar.

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2100-nji ýylyň 1-nji ýanwary aralygynda ÝB döwletlerinde ýaşaýjylaryň sany 27,3 mln, 420 mln adama çenli azalar. Şol bir wagtyň özünde 2022-nji ýylda ilatyň sany koronawirus bilen bagly azalmadan soň dikelip başlady diýip, Interfax.ru belleýär.
Deslapky maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ÝB-de 2021-nji ýyldaky 443,2 mln adam bilen deňeşdirilende, 451 mln adam ýaşaýardy. 2026-njy ýylda ilatyň sanynyň iň ýokary derejä – 453 mln adama ýetmegine garaşylýar.
2022-2100-nji ýyllarda 19 ýaşa çenli ýaşaýjylaryň paýy 20%-den 18%-e, 20 – 64 ýaşly adamlaryň paýy 59%-den 50%-e çenli peseler. 65 – 79 ýaş aralygyndaky we ondan uly ýaşdaky adamlaryň paýy, degişlilikde, 15%-den 17%-e we 6%-den 15%-e çenli ýokarlanar.
2021-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň deslapky maglumatlary ÝB-niň 16 ýurdunda 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende ilatyň köpelendigini we dokuz ýurdunda azalandygyny görkezýär. 10 ýylyň dowamynda iň uly ösüşi Lýuksemburg (26%), Malta (24%) we Şwesiýa (10%), pese gaçyşy – Bolgariýa (11%), Horwatiýa (10%), Latwiýa (9%) we Litwa (8%) görkezdi.
2021-nji ýylda ýaşaýjylaryň sany boýunça lider Germaniýa (83,2 mln), Fransiýa (67,9 mln), Italiýa (59 mln), Ispaniýa (47,4 mln) we Polşa (37 mln) boldy.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....