«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň üçünji sany neşir edildi

  • 02.04.2023 17:39
  • 6.9k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2023-nji ýyldaky üçünji sany okyjylara ýetirildi.

Üç dilde taýýarlanylýan žurnalyň täze sanynyň açylyş makalasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşlara gutlag» atly aýdymynyň täsirleri paýlaşylýar. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda bu aýdym okyjylara dolulygyna ýetirilýär.
«Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» makalada mart aýynyň täzelikleri berilýär.
Şeýle hem žurnalda Oraza we Gurban baýramlary, Oraza aýynyň mukaddesligi barada täsirli söhbet açylýar.
Žurnalyň baş redaktorynyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» atly makalasy ählihalk bag ekmek dabarasyna bagyşlanylýar.
Mart aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gatnaşmagynda geçirilen «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanan makalalar hem žurnalyň täze sanyndan orun alypdyr. Şeýle-de, Milli bahar baýramyny şöhlelendirýän çykyşlar okyjylara hödürlenilipdir.
«Türkmen tebigaty ― ynsan kalbynyň ylham çeşmesi» atly makala tebigaty goramak meselesi bagyşlanypdyr.
«Ylym giňişligine ak ýol» atly rubrikada bu gezek ýaş alymlaryň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijileriniň ikisiniň ylmy gözleglerine orun berilýär.
«...Nusga bolup galsyn ilden-illere» atly makalasy hem türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerine bagyşlanypdyr.
Ýeri gelende aýtsak, žurnalyň şu sahypalaryny ýaşlary dil öwrenmäge höweslendirjek makalalar bezeýär.
Elektron neşiriň täze sanynda ýaşlaryň döredijiligine aýratyn uly üns berlipdir.
Žurnalyň redaksiýasynyň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemleri barada hem habar berlipdir. Şeýle-de, «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň mart aýyndaky ýeňijisi yglan edilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......