Teýlor Swift aýdymçy Uitni Hýustonyň aýdym-saz rekordyny gaýtalady

  • 01.04.2023 11:34
  • 10k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift karýerasynda ilkinji gezek özüniň ýedi albomy bilen Billboard 200 çartynyň top-40-yna girdi. Tutuş taryhyň dowamynda şeýle netijä diňe pop-sazynyň legendasy Uitni Hýuston ýetip bilipdi. Şeýlelikde, 33 ýaşly ýerine ýetiriji şeýle rekord netijesi bilen taryhda ikinji we häzirki meşhur ýyldyzlardan birinji aýdymçy boldy. Bu barada Billboard saýty habar berýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Billboard çartynyň ilkinji 40-lygynda Teýlor Swiftiň aşakdaky plastinkalary görkezildi:

  • Midnights (3-nji orun);
  • Lover (13-nji orun);
  • Folklore (14-nji orun);
  • 1989 (19-njy orun);
  • Red (Taylor’s Version) (22-nji orun);
  • Reputation (26-njy orun);
  • Evermore (31-nji orun).

Mundan başga-da, çarta Teýlor Swiftiň ýene iki albomy goşuldy: Fearless (Taylor’s Version) plastinkasy 52-nji orny, Speak Now 69-njy orny eýeledi.
Belläp geçsek, 17-nji martda Teýlor Swift “The Eras Tour” konsert saparynyň çäklerinde birinji konsertini berdi. Ol Glendeýl amerikan şäherinde geçirildi we aýdymçy öz repertuaryndan 40-dan gowrak aýdymy ýerine ýetirdi. Ýakyn wagtda Swift Tampada, Hýustonda, Atlantada, Naşwillde, Çikagoda, Detroýtda we Filadelfiýada hem çykyş eder.
Aýdymçynyň arsenalynda köp sanly abraýly baýraklaryň we rekordlaryň bardygyny bellemek gerek. 2019-njy ýylda ol American Music Awards tarapyndan onýyllygyň ýerine ýetirijisi adyna eýe boldy. Şeýle-de, ol Billboard-yň “Onýyllygyň zenany” baýragyny aldy. 2019-njy ýylyň awgustynda Forbes žurnaly 185 mln dollar girdejisi bolan aýdymçyny dünýäde iň köp girdeji gazanýan aýdymçy diýip saýlady. 2022-nji ýylyň noýabrynda Swift American Music Awards-yň birbada alty nominasiýasynda ýeňiş gazandy.


düýn 10:18
4.5k+

Londonda uzynlygy 440 metrden geçýän rekord derejeli tiramisu taýýarlanyldy

Londonda tiramisunyň uzynlygy boýunça täze dünýä rekordy goýuldy. Uzaboýuna 440,6 metr bolan süýjüligi taýýarlamaga ýüze golaý italýan aşpezi gatnaşdy....

29.04.2026 12:45
7.2k+

Päkistanly türgen tirsegi bilen 50 sany alýumin bankany döwüp, Ginnesiň rekordyny goýdy

Päkistanly söweş sungatynyň ussady Muhammet Raşid Nasim Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Türgen özüniň adaty bolmadyk çaltlygyny görkezip, 50 sany ýapyk alýumin bankany bary-ýogy 22,32 sekundyň içinde......

28.04.2026 08:00
5.2k+

Polşaly bloger onkologik keselli çagalar üçin 60 million ýewro ýygnap, Ginnesiň rekordyny goýdy

Polşaly 23 ýaşly bloger Patrik Garkowski (internetdäki ady Łatwogang) onkologik keselli çagalara kömek etmek üçin geçirilen onlaýn haýyr-sahawat çäresinde Ginnesiň rekordyny goýdy. Dokuz günläp dynuwsyz dowam......

23.04.2026 15:28
7.7k+

ABŞ-da 15 ýaşly towuk uzak ýaşamak boýunça rekord goýdy

ABŞ-da ýaşaýan Gerti lakamly towuk "dünýädäki iň garry towuk" diýlip ykrar edildi. Rekordyň hasaba alnan pursadynda onuň 15 ýaşy dolup, 100 gün geçipdi....