Täze Jeep Recon Moab 4 xe we Jeep Wagoneer S EV-iň görkezilişi boldy

  • 30.03.2023 15:04
  • 20k+

Stellantis kompaniýasy dilerleri iň täze awtoulaglarynyň toplumyny tanyşdyrmak üçin Las-Wegasdaky MGM Grand myhmanhanasyna çagyrdy.

Ilki bilen, gürrüň Jeep Recon Moab 4 xe elektroulagy barada barýar. Ol Stellantis STLA Large EV platformasynda gurlup, e-locker tehnologiýasynda, Jeep Selec-Terrainiň çekiş gözegçiligi arkaly üpjün ediler.
Gapylary aýrylyp-goýulýan, üçegi yzyna çekilýän, Unconnect mediaulgamy bolsa ABŞ-nyň iň öňdebaryjy ugurlaryndan deslapky nawigasiýadan üpjün ediler.
Jeep Recon Moab 4 xe üçin öňünden sargytlar şu ýyl başlanar, önümçilige bolsa, indiki ýylda girişiler.

Şeýle-de büs-bütin başga auditoriýa niýetlenen ýene-de bir tutuşlaýyn elektrik Jeep Wagoneer S EV Bmw iX bilen bäsleşer. Recon ýaly ol hem STLA Large platformasynda gurlan, ýöne onuň hereket dinamikasy we görnüşi şäher şertlerine niýetlenen.
Bu platforma 100 kWt çenli akkumulýatorlary ýerleşdirip biler. Kompaniýa onuň hereket ätiýaçlygynyň 644 km, şeýle-de dört hereketlendirijiniň berýän güýjüniň 600 at güýjüne deň boljakdygyny belleýär.
Satuw Demirgazyk Amerikada we Ýewropada 2024-nji ýylda başlanar.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....