«Petronas» kompaniýasy Türkmenistanda ökde hünärmenleri işe çagyrdy

  • 29.03.2023 15:09
  • 51k+

Türkmenistanda iş alyp barýan «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Gyýanly obasynda we Aşgabat şäherinde işlemek üçin ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrdy. Bu barada degişli bildirişi kompaniýa «Türkmenistan» gazetinde çap etdirdi.

Kompaniýa birnäçe ugurlar boýunça iş orunlaryny hödürleýär.

Infrastruktura we programmalar boýunça hyzmatlary ýerine ýetirjek hünärmen.
Işe girmäge isleg bildirýän dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
Bilimi: inženerçilik, maglumatlar tehnologiýasy, kompýuter ylymlary ýa-da matematika boýunça ýokary bilimi bolmaly.
Iş tejribesi: iri nebitgaz kompaniýalarynda serwerleri, torly saklawhanalary, maglumatlar binýadyny we web programmalaryny dolandyrmakda iň azyndan 1 ýyl iş tejribesi bolmaly.
Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (barlaghana üçin).
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
Bilimi: islendik degişli hünärment mekdebiniň ýa-da tehniki orta okuw mekdebiniň diplomy bolmaly.
Iş tejribesi: 1 ýyldan 3 ýyla çenli barlaghanada işlän iş tejribesi bolmaly.
Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly.

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (zähmet gatnaşyklary boýunça).
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
Bilimi: orta bilim ýa-da deň derejeli bilimi baradaky resminamasy bolmaly.
Iş tejribesi: degişli pudakda 3 ýyl iş tejribesi bolmaly.
Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programma bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar 29-njy martdan başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna ugradylyp bilner.
Kompaniýa söhbetdeşlige diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärleriň çagyryljakdygyny ýatladýar.


18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......