2024 model ýylynyň Hyundai Sonata-sy tanyşdyryldy

  • 28.03.2023 00:00
  • 23k+

Günorta Koreýanyň öndürijisi 2024-nji ýylda çykjak Hyundai Sonata-ny tanyşdyrdy. Camry bilen bäsleşjek Hyundai Sonata 2024 ilkinji gezek doly priwody hödürlär.

2024-nji ýylda öndüriljek Hyundai Sonata-da tutuş inine LED zolagy ulanyp, Kona-nyň ikinji neslinden ylham alar. Esasy faralar howa girelgeleriniň ýokarsynda gizlenen we radiatoryň has giň  gözenegine birleşdirilen.
2024-nji ýylyň modelinde tizlik geçirijiniň täze kontrolleri hem ulanylýar.
Hyundai entek täzelenen Sonata-nyň aýratynlyklaryny yglan etmedi. Şeýle-de bolsa, CarScoops-yň çeşmeleri 2,5 litrlik turbo görnüşli dört silindrli hereketlendirijiniň standart topluma girjekdigini we 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisiniň ornuny tutjakdygyny aýdýarlar. Täze hereketlendiriji 290 at güýjüni we 421 Nm aýlaw pursadyny üpjün eder.

2024-nji ýylyň Hyundai Sonata-sy 30-njy martdan 9-njy aprel aralygynda dowam etjek Seul awtoulag sergisinde doly tanyşdyrylar we 6-njy aprelde Nýu-Ýorkda halkara awtoulag sergisinde görkeziler.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....