Mihael Şumaheriň çempionlyk getiren “Ferrarisi” satuwa çykaryldy

  • 27.03.2023 16:33
  • 7.9k+

“Formula-1-de” “Skuderiýanyň” sürüjisi hökmünde Mihael Şumahere birinji çempion titulyny getiren Ferrari F1-2000 ulagy satuwa çykaryldy. Lot RM Sotheby’s auksion öýüniň saýtynda peýda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

2000-nji ýylda №198 şassili ulagyň rulunda Mihael Şumaher Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, şeýle-de Ispaniýanyň Gran-prisiniň we Monakonyň Gran-prisiniň saýlama ýaryşlarynda ýeňiş gazandy. Möwsümiň jemi boýunça ol tituly gazandy, şondan soň geljek dört ýyl çempionatda öňdebaryjy boldy.
Ferrari F1-2000 3,0 litrlik howa hereketlendirijisi V10 (815 at güýji) we 7 basgançakly hereket geçiriji guty bilen enjamlaşdyryldy. 2000-nji ýylyň çempionaty tamamlanandan soň, bu ulag italýan toparynyň Maranellodaky bazasyna iberildi, soňra Ferrari kolleksioneri tehasly Kewin Kraudere satyldy. Netijede, awtomobil Ferrari F1 Clienti maksatnamasynyň çäklerinde ýaryş ýollaryndaky sürüşlere taýýarlandy.


10.07.2025 20:43
2.3k+

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi...

30.06.2025 18:38
4.9k+

Baş keşpde Bred Pittiň düşen “Formula 1” filmi dünýä prokatyny eýeleýär

Bred Pittiň baş keşbi janlandyrmagynda täze “Formula 1” filmi ABŞ-da we Kanadada 55,6 million dollar, dünýäde bolsa 88,4 million dollar girdeji gazandy diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Filmiň dynç günleriniň umumy girdejisi 144 million dollardan geçdi we bu prodýuserleriň garaşyşlaryndan ep-esli ýokary boldy...

23.06.2025 16:17
4.1k+

Ed Şiranyň täze “Drive” aýdymy çykdy. Ol “Formula-1” baradaky film üçin saundtrek boldy

Ed Şiran “Formula-1” (F1) sport dramasy üçin saundtrek bolan “Drive” aýdymyny çykardy. Aýdym eýýäm aýdym-saz platformalarynda elýeterli. Ol premýerasy 27-nji iýunda ABŞ-da boljak film üçin saundtrekleriň resmi albomyna girer...

21.06.2025 11:43
3.9k+

Bred Pitt “Formula-1” baradaky filme taýýarlygyň barşynda 9 müň km-den gowrak ýol geçdi

61 ýaşly golliwudly aktýor Bred Pitt “Formula-1” filminiň düşürilmegine taýýarlyk wagty ýaryş awtomobillerinde 6 müň milden gowrak (9656 kilometr) ýol geçdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. “Umumy alanyňda, biz iki ýyl ruluň başynda bolduk” – diýip, Pitt aýtdy we şeýle netijä buýsanýandygyny belledi...