Xiaomi smartfon satuwynyň pese gaçmagy sebäpli çärýek girdejisini 23% azaltdy

  • 27.03.2023 10:59
  • 7.6k+

2022-nji ýylyň IV çärýeginde Xiaomi kompaniýasy smartfonlara bolan global islegiň peselmegi sebäpli girdejisini ep-esli azaltdy. Hasabat çärýeginde kompaniýanyň girdejisi 23%, 66,05 mlrd ýuana çenli ($9,68 mlrd) azaldy. Şol sanda smartfon segmentinde girdeji 27% azaldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Arassa girdeji 28,6% ýokarlanyp, 3,14 mlrd ýuana ýetdi. 2022-nji ýylyň jemi boýunça Xiaomi girdejisini 14,7% - 280,04 mlrd ýuana çenli azaltdy. Arassa girdeji tas on esse, 2,5 mlrd ýuana çenli azaldy.
Kompaniýa geçen ýyl daşary ýurt amallaryndan alnan girdejiniň 137,8 mlrd ýuan bolandygyny we munuň Xiaomi-niň umumy girdejisiniň 49,2%-ine barabardygyny belledi.
Geçen ýyl kompaniýa bir ýyl ozalky 190 mln birlige garşy 150,5 mln telefon satdy. Canalys kompaniýasynyň hasabyna görä, Xiaomi 2022-nji ýylyň jemi boýunça 12,8% bazar paýy bilen dünýäniň öňdebaryjy smartfon öndürijileriniň reýtinginde üçünji orny saklady.
Geçen ýyl Xiaomi-niň “akylly” telewizorlarynyň global satuwy bazaryň 5,6% pese gaçandygyna garamazdan, 0,6% ýokarlanyp, 12,4 mln birlik boldy.
Ýylyň başyndan bäri Xiaomi-niň kapitallaşdyrmasy 15,2% ýokarlandy.


09.05.2026 16:36
3.5k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

07.03.2026 18:05
3.3k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...

23.01.2026 15:56
3.8k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy...