Ýewro — 2024-iň saýlama tapgyrynda Gazagystan Daniýadan üstün çykdy

  • 26.03.2023 22:54
  • 13k+

Futbol boýunça Gazagystanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionaty — 2024-iň saýlama tapgyrynda Daniýadan üstün çykdy.

H toparda Astanada geçirilen duşuşykda ýer eýeleri 3:2 hasap bilen ýeňiş gazandylar. Gazaklardan ýarym goragçy Bahtiýor Zaýnutdinow (73-nji min. 11 metrlik), Ashat Tagybergen (86) we Abat Aýmbetow (89) gol geçirdi. Garşydaş topardan Rasmus Hoýlund (21, 36) dubl etdi.
Şeýlelikde, Gazagystanyň milli ýygyndysy toparynda ikinji orny eýeleýär. Daniýalylar üç bal bilen dördünji orunda barýar. Indiki tapgyrda gazak futbolçylary 16-njy iýunda myhmançylykda San Marino bilen, daniýalylar bolsa demirgazyk irlandiýalylar bilen duşuşarlar.

 


şu gün 13:41
2.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......