Moldowada döwlet diliniň ady resmi taýdan üýtgedildi

  • 26.03.2023 11:28
  • 15k+
Moldowada döwlet diliniň ady resmi taýdan üýtgedildi

Moldowada döwlet diliniň adyny rumyn diline üýtgetmek baradaky kanun "Resmi habarlarda" neşir edildi, bu bolsa onuň güýje girendigini aňladýar diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Öň, Moldowanyň prezidenti Maýýa Sandu moldowan diliniň deregine rumyn dilini respublikanyň döwlet dili hökmünde ykrar edýän kanuny makullady. Moldowanyň parlamenti geçen penşenbe güni 58 deputatyň ses bermegi bilen döwlet diliniň moldowan dilinden rumyn diline üýtgedilmegini tassyklady. Tassyklanan kanuna laýyklykda, islendik grammatik görnüşdäki "moldowan dili" söz düzümi "rumyn dili" söz düzümi bilen çalşyrylýar. Mundan başga-da, şeýle düzediş hatda konstitusiýa hem giriziler, ýöne, adatça, bu referendumy talap edýär.


04.11.2024 14:56
5.4k+

Moldowada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Maýýa Sandu ýeňiş gazandy

Moldowanyň Merkezi saýlaw topary prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Maýýa Sanduwyň ýeňşini yglan etdi. Bu barada meduza.io habar berýär. Sesleriň 99,73%-i gaýtadan işlenenden soň, Sandu 55,36% ses aldy,...

27.08.2024 12:35
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow Maýa Sanduwy Moldowanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwа we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny...

28.08.2023 12:08
9.1k+

Serdar Berdimuhamedow Maýýa Sanduwy Moldowanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny...

08.06.2023 14:14
6.3k+

Türkmenistanda Moldowanyň täze ilçisi işläp başlady

7-nji iýunda Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwer Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda ilçi Waleriu Kiwer Bitarap Türkmenistanyň...