Opel Grandland 2024 dolulygyna elektrikli bolar

  • 26.03.2023 10:54
  • 17k+

Opel Grandland krossoweriniň indiki neslini öndürip başlamak üçin Aýzenahdaky (Germaniýa) zawodyny döwrebaplaşdyrmaklyga 130 million ýewrodan gowrak maýa goýjakdygyny mälim etdi. Ol elektrik awtoulag bolar we brendiň modelleriniň arasynda ilkinji bolup Stellantis konserniniň başga-da birnäçe täze önümleriniň esasyny düzjek STLA Medium platformasyny alar. Awtoulagyň önümçiligi 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlar.

Özboluşly wsedorožnik (başda Grandland X diýlip atlandyryldy) Opel heniz General Motors-yň eýeçiliginde wagty gaýtadan işlenip düzüldi. Şol bir wagtyň özünde, ol fransuz PSA toparynyň EMP2 platformasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde guruldy, soňra Fiat Chrysler bilen birleşip, Stellantis-i emele getirdi. Tehniki taýdan ulag Peugeot 3008-e kybapdaş boldy we bu gatnaşyk indiki nesilde-de dowam etse gerek.
Opel batareýa bilen işleýän Grandland-yň aýratynlyklaryny entek açmady. Emma täze Peugeot 3008-iň hem STLA Medium-yň arhitekturasy esasynda elektrik ulagyna öwrüljekdigi eýýäm mälim. Ol şu ýylyň ikinji ýarymynda çykarylar we goşa motorly ähli tigirleri hereketlendirijini goşmak bilen, güýç gurluşynyň üç görnüşini alar. Bir gezek berlen zarýad bilen ýöreýiş ätiýaçlygy 700 kilometre çenli bolar - görnüşi ýaly, nemes modelinden hem şuňa meňzeş görkezijilere garaşsa bolar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......