Londonda Legodan taýýarlanan iň uly döredijilik işi görkezildi

  • 24.03.2023 06:00
  • 10k+

Londonyň Dizaýn muzeýinde hytaýly suratkeş we arhitektor Aý Weýweýiň “Aý Weýweý: akyl ýetiriş” sergisiniň açylyşyna taýýarlyk görülýär. Bu wakany anons etmek bilen, ol Legodan ýygnan suratyny görkezdi. Sungat eseri bu toplumyň 650 müň kubiginden ybarat diýip, ARTnews habar berýär. Muny rbclife.ru ýetirýär.

Suratkeş öz işini impressionist suratkeş Klod Mone we onuň “Suw liliýalary” atly kartinasyna bagyşlady. Hytaýly suratkeşiň uzynlygy 15 metr bolan eseri “Suw liliýalary № 1” adyny göterýär. Awtor onuň üçin 22 reňkdäki kubikleri ulandy. Aý Weýweýiň işinde kubikler piksellere meňzeýär.
Muzeýiň metbugat gullugynda bellenilişi ýaly, “Suw liliýalary № 1” – Legodan ýygnalan iň uly iş bolup, ol galereýanyň diwarlarynyň birini tutuş uzynlygyna eýeleýär. Suratkeş tarapyndan Lego bölekleriniň saýlanmagy “häzirkizaman durmuşynda esasy orny eýeleýän döwrebap sanly tehnologiýalar baradaky pikiriň üstünden eltýär we sungatyň häzirkizaman dünýäsinde nähili ýygy-ýygydan ýaýraýandygyndan habar berýär” – diýip, muzeýiň wekilleri belledi.
Klod Moneniň “Suw liliýalary” kartinasynda (1914-1926) suratkeşiň Parižden uzakda bolmadyk Žiwernidäki öýüniň bagyndaky liliýaly howuz şekillendirilipdir. Aý Weýweý öz taslamasynda surata nähilidir bir gapynyň şekilini goşýar. Muzeýde munuň geljekki suratkeşiň we onuň kakasynyň (Hytaýda gadagan edilen şahyr Aý Sin) 1960-njy ýyllarda mejbury sürgünde ýaşan Sinszýan welaýatyndaky ýerasty kümä girelgedigini düşündirdiler.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....