Aýdymçy Weeknd birbada iki sany rekord goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 23.03.2023 12:44
  • 19k+

Kanadaly aýdymçy The Weeknd (Abel Tesfaýe) Ginnesiň rekordlar kitabyna «dünýäde iň meşhur ýerine ýetiriji» hökmünde girdi diýip, Billboard ýazýar. Bu ýazgy Ginnesiň web sahypasynda eýýäm hasaba alyndy we çap edildi. 33 ýaşly artist birbada iki dünýä rekordyny goýdy: Spotify-da onuň iň köp sanly aýlyk diňleýjileri bar we ol bu aýdym-saz platformasynda aýda 100 milliondan gowrak diňleýjini gazanan ilkinji aýdymçy boldy (ýagny 111,4 million).

Deňeşdirmek üçin, Maýli Saýrus häzirki wagtda aýda 82,4 million diňleýjisi bilen ikinji ýerde durýar - bu ýoň bolup ýaýran “Flowers” (“Güller”) aýdymy bilen “Endless Summer Vacation” atly albomy çykandan soň şeýle boldy. Aýdymçy bu aýdymy öňki ýoldaşy, aktýor Liam Hemsworta bagyşlapdyr.
Mundan başga-da, Tesfaýeniň 2020-nji ýylda çykaran “Blinding Lights” aýdymy, hyzmatyň döredilen gününden bäri Spotify-da iň köp ýaýran aýdymdyr. Häzirki wagta çenli ony 3,47 milliarddan gowrak adam diňledi. Aýdymçy Ed Şiranyň Shape of You (2017) aýdymy 3,38 milliard diňleýji bilen ikinji ýeri eýeledi. 2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda iňlis aýdymçysynyň hitiniň diňleýjisi ilkinji bolup 2 milliarda ýetdi.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....