Acer emeli aň oturdylan elektrik welosipedini hödürledi

  • 22.03.2023 16:40
  • 23k+

Acer iň täze ösüşini - emeli intellektli ilkinji elektriki welosipedini görkezdi.

Model ebii diýlip atlandyrylýar. Täze önümiň agramy takmynan 16 kg, tapawutly aýratynlyklary “ýokary derejeli bölekleriniň”, “guşak geçirijisiniň” we bozulmak howpuny azaldýan ýelsiz tekerleriniň bolmagydyr.
Elektriki welosipediň ýene bir aýratynlygy - oňa emeli aňyň oturdylmagydyr. Howpsuzlyk we  gulpuny eldegirmesiz açmak üçin çaknyşygy kesgitleýji datçikleri ulanyp, peredaçany çaklaýar we gözegçilikde saklaýar.
Bir gezek berlen zarýad bilen enjam 109 km-e çenli ýol geçip, tizligini sagatda 25 km-e çenli  ýetirmäge ukyplydyr. Welosipediň aýrylyp-goýulýan akkumulýatory ykjam gurluşlara zarýad bermek üçin göçme elektrik bekedi hökmünde hem ulanylyp bilner.


şu gün 12:35
395

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
1.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.6k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......