Adalat köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi

  • 18.03.2023 12:35
  • 10k+

17-nji martda Adalat köşgünde Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleriniň, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kazylarynyň V maslahaty geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen forumyň gün tertibine ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi.
«Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamada bellenen wezipelere laýyklykda, kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, adalatly, garaşsyz kazyýet çözgütleriniň çykarylmagyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň, hukuk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.
Maslahatyň netijeleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......