Jeými Li Kýortis ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi üçin “Oskar” aldy

  • 14.03.2023 09:55
  • 6.9k+

Aktrisa Jeými Li Kýortis “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filminde ýerine ýetiren salgyt gözegçisiniň keşbi üçin “Ikinji plandaky iň gowy aktrisa” nominasiýasynda “Oskar” baýragyna eýe boldy. Jeými Li Kýortis üçin bu “Oskara” ilkinji nominasiýa bolupdy. Häzir aktrisa 64 ýaşynda, ol 80-den gowrak filmde surata düşdi. Ol 1978-nji ýylda Jon Karpenteriň “Hellowin” trillerindäki keşbinden soň meşhurlyga eýe boldy.

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa adyna beýleki dalaş edenleriň arasynda Anjela Bassett (“Gara Babyr: Wakanda baky”), Hong Çau (“Läheň”), Kerri Kondon (“Inişeriniň Banşisi”) we Stefani Sýuý (“Hemme zat hemme ýerde we birbada”) bardy.


19.06.2025 10:00
2.6k+

Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar

Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar...

25.04.2025 11:49
2.4k+

“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär...

23.04.2025 14:53
5.5k+

2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler. “Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer...

15.04.2025 22:31
3.4k+

“Oskar” baýragynyň eýesi Keýt Blanşett kinodan gitmegi meýilleşdirýär

Iki gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Keýt Blanşett durmuşynyň başga bir taraplaryna ünsi jemlemek üçin aktýorlyk karýerasyny tamamlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Radio Times bilen söhbetdeşlikde 55 ýaşly awstraliýaly...