Li Sýan Hytaýyň Hökümetiniň täze Baştutany wezipesine saýlandy

  • 11.03.2023 15:44
  • 10k+

Halk wekiliýetleriniň Ählihytaý ýygnagynyň barşynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň täze premýer-ministri wezipesine (ýurduň iň ýokary ýerine ýetiriji edarasy) Li Sýan saýlandy diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Hökümete 2013-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden öňki premýer Li Kesýanyň ikinji ygtyýarlyk möhleti 2023-nji ýylda dolýardy. Kanun boýunça ol bu wezipäni eýeläp bilmeýärdi.
Li Sýan 2017-2022-nji ýyllarda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Şanhaý şäher komitetiniň sekretary bolup işledi. Partiýanyň 20-nji mejlisinde ol Syýasy býuronyň Hemişelik komitetiniň agzalygyna saýlandy.
Li Sýanyň dalaşgärligini HHR-iň Başlygy Si Szinpin öňe sürdi diýip, Sinhua belleýär. Li Sýany wezipä bellemek hakynda karara hytaý Lideri eýýäm gol çekdi.


şu gün 07:34
1.1k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.3k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....