Habibiň inisi Bellator 292-de amerikaly Hendersondan üstün çykyp, guşagyny gorady

  • 11.03.2023 15:21
  • 32k+

MMA-nyň russiýaly göreşijisi Usman Nurmagomedow ABŞ-nyň San-Hose şäherinde geçirilen Bellator 292 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly Benson Hendersondan üstün çykyp, promouşeniň ýeňil agramda çempiony adyny goramagy başardy.

Çärýek final tutluşygy birinji raundda tamamlandy. Usman Nurmagomedow demikdiriji emel ulanyp, garşydaşyny ýeňdi.
Bellator Gran-Prisiniň baýrak gaznasy 1 mln dollara barabar boldy.
24 ýaşly Nurmagomedow MMA-da 17 tutluşyk geçirip, 17 gezek hem ýeňiş gazandy. 39 ýaşly Benson Henderson bolsa 42 söweşde 30 gezek ýeňdi.
Ýatlatsak, Bellator 292 ýaryşynda türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Englikasy ýeňdi.


17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.2k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...