Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-da Julius Englikasy ýeňmegi başardy

  • 11.03.2023 08:54
  • 46k+

Bellator-da türkmenistanly ilkinji söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow şu gün irden Julius Englikas bilen duşuşdy. Türkmenistanyň hem-de Litwanyň wekilleriniň tutluşygy Koliforniýada Bellator 292 ýaryşynyň çäklerinde geçirildi.

Tutluşyk meýilleşdirilen her biri 5 minutlyk 3 raundlap dowam etdi. 3 raundda hem artykmaçlyk Döwletjanyň tarapynda boldy. D.Ýagşymyradow teýkdaunlar boýunça 3:0 hasapda ýeňdi hem-de parter söweşinde 2 minuda golaý artykmaçlyk gazandy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan gelen söweşiji eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy.
Döwletjan Ýagşymyradow üçin bu ýeňiş garyşyk söweşlerde 20-nji we Bellatorda ikinji ýeňşidir. Englikas bolsa, öz gezeginde, karýerasynda 14-nji söweşinde dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Öň, Döwletjan Ýagşymyradow 2022-nji ýylyň aprelinde Bellator 277 ýaryşynda braziliýaly Rafael Karwalýodan üstün çykyp, Bellatorda ilkinji ýeňşini gazanypdy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......