HBS: gornostaýlar 2026-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň tumary bolar

  • 10.03.2023 21:12
  • 7.2k+

Katandzaro welaýatyndaky mekdebiň okuwçylary tarapyndan çekilen başy tuwalgaly ak we goňur gornostaýlar 2026-njy ýylda Milan we Kortina d'Ampezzo şäherlerinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tumarlary bolmak ugrundaky halk ses berlişiginde ýeňiş gazandylar. Bu barada çarşenbe güni Inside the Games portaly habar berdi.

Pikir soraşma gatnaşanlaryň 53%-i gornostaýlara ses berdi. 2026-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti gornostaýlary entek tumar hökmünde resmi taýdan tassyklamady, guramaçylar ýylyň ahyryna çenli öz saýlan tumarlaryny yglan ederler. Jemleýji tapgyrda Italiýanyň Alp daglarynda giňden ýaýran edelweýs we podsnežnik olaryň garşydaşlary boldy. Olar pikir soraşmalarda ikinji ýeri eýelediler.
Seçip alyş işi birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Ilki bilen italýan mekdepleriniň okuwçylaryndan iki tumaryň (biri Olimpiýa oýunlary, beýlekisi Paralimpiýa oýunlary üçin) çyzgysyny tabşyrmak haýyş edildi. Soňra bilermenler topary jübütleriň gysga sanawyny kesgitledi, şondan soň onlaýn-pikir soraşma başlandy. Jemi 1600 töweregi arza berildi.
Milanda we Kortina d'Ampezzoda geçiriljek Olimpiýa oýunlary 2026-njy ýylyň 6-njy fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda meýilleşdirilýär. Paralimpiýa oýunlary 6-15-nji mart aralygynda geçiriler.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......