10-njy maýda Google-yň Android 14-i hödürläp, Pixel 8 -i yglan etmegi mümkin

  • 10.03.2023 21:23
  • 3.8k+

Google Google I/O-niň senesini yglan etdi. Bu ýyl ol 10-njy maýda geçiriler. Çäräniň çäginde kompaniýa, adatça, Android operasion ulgamynyň we ykjam gurluşlarynyň täze wersiýasyny hödürleýär (mysal üçin, I/O 2022-iň çäklerinde Google Pixel Watch-i, Pixel 7-ni we Pixel 7 Pro-ny yglan etdi we şeýle hem Pixel 6a-ny  hödürledi we Android 13 hakda gürrüň berdi).

Google I/O-da flagman Pixel 8 telefonlary yglan edilip bilner, ýöne jikme-jik maglumat berilmez, sebäbi onuň doly bahaly ilkinji görkezilişi adatça güýzde bolýar. Emma Pixel planşeti bilen Pixel 7A býujet telefony tutuş we doly aýan edilse gerek. Mümkin bolan başga bir gurluşyň ilkinji görkezilişi - eplenýän  Pixel Fold telefony bolup, onuň eýýäm hakyky özem göze ildi: Reddit-iň ulanyjylaryndan biri Nýu-Ýorkuň metrosynda Google-yň işgäri bolmagy ähtimal biriniň elinde bu telefony surata düşürdi.


Google I/O-nyň çäklerinde Android 14 tanyşdyrylyp bilner. Ýakynda işläp taýýarlaýjylar üçin niýetlenen Android 14 Developer Preview 2 çykdy, ýöne 10-njy maýda Google-yň ýol kartasyna görä, operasion ulgamyň ikinji beta wersiýasy taýýar bolmaly.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...