Dünýäniň abraýly uniwersitetleriniň dördüsi Ýerden daşary ýaşaýşy gözlemek başlangyjyny öňe sürdüler

  • 09.03.2023 11:43
  • 25k+

Dünýäniň abraýly dört uniwersitetinden alymlar Ýerdäki ýaşaýşyň gelip çykyşyny öwrenmek we Älemiň beýleki ýerlerinde bolup geçýän şuňa meňzeş biologiki prosesleri gözlemek boýunça täze başlangyjy işe girizdiler. Bu barada Financial Times ýazýar diýip, forbes.kz habar berýär.

Bu işe Beýik Britaniýadaky Kembrij uniwersitetiniň, ABŞ-daky Garward we Çikago uniwersitetleriniň hem-de Şweýsariýadaky Sýurihiň ýokary tehniki mekdebiniň hünärmenleri gatnaşýar. Başlangyja 1995-nji ýylda Güne meňzeş ýyldyzyň daşyndan aýlanýan ilkinji belli ekzoplanetany ilkinji bolup açanlaryň biri bolan şweýsariýaly astronom Didýe Kelo ýolbaşçylyk edýär. “FT” şol wagtdan bäri alymlaryň 5000-den gowrak ekzoplanetany açandygyny, şeýle-de diňe Akmaýanyň ýoly galaktikasynda ýene-de milliardlarça ekzoplaneta bar diýlip hasaplanýandygyny belleýär.
Ýerden daşary ýaşaýşy gözlemek boýunça başlangyja gatnaşyjylar astronomiýanyň iň täze mümkinçiliklerinden, şol sanda “Jeýms Uebb” orbital obserwatoriýasyndan we Marsa hem-de Ýupiteriň hemralaryna täze planetara missiýalardan peýdalanarlar. Gözlegçiler beýleki planetalarda iň ýönekeý mikroblardan başlap ösen siwilizasiýalara çenli dürli görnüşdäki ýaşaýşy tapmagy maksat edinýärler.
Beýleki planetalarda ýaşaýşyň gözlegi ýaşaýşyň özüniň gelip çykyşynyň we onuň Ýerdäki ewolýusiýasynyň ýönekeý bir şowly tötänlikdigine ýa-da Älemiň düýp tebigatynyň bir bölegidigine düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Kembrij uniwersitetiniň ewolýusiýa biology Emili Mitçell belledi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....