Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymyny sowgat etdi

  • 09.03.2023 11:14
  • 40k+

8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar» atly baýramçylyk dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýan «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy ýaňlandy. Ol ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna bagyşlanan döredijilik sowgadydyr.

Her bir adamyň durmuşynyň iň bagtly pursatlaryna bagyşlanan täze aýdym atanyň iň gowy arzuwlarynyň we durmuşyň nurana ýoluna ak patasynyň beýanyna öwrüldi. Ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdymy Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýerine ýetirdi.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Köňül kendim, ömre bendim,
Diňlegin sözlem!
Bagt diýen zat damja bolsa,
Ýaz ýagşa eziliň! 
Söýgi besläp ýüreklerde,
Taryha ýazylyň!
Şirin sazym perdelerden 
Saýladym saňa!

Seň dünýä inen günüň —– 
Şol gün şeýle begendim.
Durman aý-günler aýlanýar,
Bu gün bagt toýuň!
Goý, adyňyz müň ýyllyk
Ýazsyn ýyldyzlar düzülip.
Tutup ellemde, 
şatlansam, 
Götersem çowluk.     

Belent sakla abraýyň,
Mähriban oglum!
Ädim-ädim durmuş ýola 
Uzaýar ýoluň.
Mähir nurun saçsyn ýola, 
Seň söýen gülüň!  
Ýürek sözlem bir beýanyn
Sözledim saňa!


düýn 10:55
5.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......