«Bawariýa» ýene-de «PSŽ-ni» utup, Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy

  • 09.03.2023 10:56
  • 14k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň jogap duşuşygynda «Bawariýa» öz meýdançasynda «Pari Sen-Žermeni» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Birinji oýunda mýunhenliler 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.

Duşuşygyň 61-nji minudynda Maksim Şupo-Moting hasaby açdy. Oýnuň ahyrynda bolsa Serž Gnabri «Bawariýanyň» ikinji goluny geçirdi.
Şeýlelikde, «Bawariýa» Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy.


düýn 23:07
5.7k+

“Çelsiniň” futbolçysy Koul Palmer öýünde aýagynyň barmagyny döwdürdi. Ol "Barselona" we"Arsenal" bilen oýunlary sypdyrar

“Çelsiniň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Koul Palmer ýene hatardan çykdy – ol öýünde gije çep aýagyny gapa urup, külbikesini döwdürdi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýarymgoragçy ýaňy-ýakynda gasyk nogsanlygy sebäpli iki aýdan soň diýen ýaly dikelip, türgenleşiklere gaýdyp gelipdi...

düýn 13:37
7.7k+

Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy

  Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy...

21.11.2025 12:47
7.6k+

Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi

“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi. Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi...

21.11.2025 12:37
6.3k+

Globe Soccer Awards 2025-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleri aýtdy

2025-nji ýylyň Globe Soccer Awards futbol baýragynyň esasy kategoriýalarynda dalaşgärler belli boldy. Guramaçylar dürli kategoriýalarda baýrak üçin dalaş etjek futbolçylaryň, tälimçileriň we klublaryň sanawyny yglan etdi...