BMG-de Dünýä ummanyny goramak hakynda taryhy şertnama kabul edildi

  • 07.03.2023 14:41
  • 10k+

BMG-niň ýüzden gowrak döwletiniň wekilleri şenbe güni agşam Nýu-Ýorkda deňizleri goramak barada taryhy ylalaşyga geldiler. Kanuny taýdan borçly edýän resminama şu onýyllygyň ahyryna çenli dünýä ummanynyň 30% -iniň goralýan ýerlere öwrülmelidigini göz öňünde tutýar.

Aýratyn ykdysady zolaklaryň daşynda ýerleşýän açyk deňiz dünýä ummanynyň üçden iki bölegini emele getirýär. Ol balyk hojalygyny goldamakda, ekoulgamalary üpjün etmekde we howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmakda möhüm orna eýe. Emma häzirki wagta çenli bu giňişligiň diňe 1% -den gowragy gorag astyndadyr.
Şeýle resminamanyň pikiri 2002-nji ýylda peýda boldy. Gepleşikler örän dowamly we gaty kyn geçdi. Jedeller balyk tutmak hukugy, umman baýlyklaryndan peýdalanmak we garyp ýurtlar üçin öwezini dolmak hukugy barada gidýärdi.
Daşky gurşawyň aktiwistleri şertnamanyň durmuşa geçirilmegini howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we biodürlüligi goramakda iň möhüm faktorlaryň biri hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, resminama entek  BMG-nyň agza döwletleriniň her biri tarapyndan tassyklanmagyna garaşýar.


11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......