Amerikaly ýazyjy Uilýamson ýene-de ABŞ-nyň prezidentligine dalaş eder

  • 07.03.2023 12:32
  • 6.9k+

2020-nji ýyldaky saýlawlarda Demokratik partiýanyň adyndan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär hödürlenmegini isleýän amerikaly ýazyjy Marianna Uilýamson ýene-de saýlawyň öňýanyndaky ýaryşa gatnaşmak isleýär.

Ol 4-nji martda Waşingtonda geçirilen mitingde: "Biz ýurtda bolup geçýän wakalara gynanýarys, ýurt babatynda biynjalyk bolýarys" - diýdi. Demokratik partiýanyň tarapdary bolan 70 ýaşly Uilýamson, "adalatsyzlygyň we gorkynyň güýçlerini" ýeňip geçjekdigine ynandyrdy. Ýazyjy: "Şu gün men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentligine dalaşgär" - diýdi. Saýlaw kampaniýasynyň dowamynda ABŞ-daky girdejilerdäki deňsizlik we parahorluk meselelerine ünsi jemlemegi maksat edinýändigini aýtdy.
Wilýamson 2020-nji ýylda ABŞ-nyň prezident saýlawlaryndan öňinçä prezidentlige dalaş edişligiň ýaryşlaryna bir ýyllap gatnaşyp gezdi. Jemgyýetçilik pikir soraşmanyň maglumatlaryna görä, saýlawçylaryň ýeterlik goldawyny alyp bilmedi.
ABŞ-da prezident saýlawy 2024-nji ýylda geçiriler.


düýn 14:18
5.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
7.9k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.6k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......