Aşgabatda Evvoli italýan brendiniň öý hojalyk tehnikalarynyň resmi dükany açylýar

  • 06.03.2023 19:49
  • 19k+

7-njy martda Aşgabatda Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda dünýä belli Italyanyň Evvoli brendiniň ilkinji resmi dükany açylýar. Ýewropanyň ýokary hilli önümlerini amatly bahadan hödürleýän bu dükanda öý hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri bar.

Bu brendiň önümleri eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda satylyp gelinýär. Indi bolsa bu brendiň ilkinji resmi dükany işläp başlaýar. Dükanda Italiýanyň Evvoli brendiniň telewizorlary, audio kolonkalary, kir ýuwujy maşynlary, guradyjy maşynlary, gap-gaç ýuwujy maşynlary, holodilnikleri, doňdurujylary, kondisionerleri, blenderleri, mikserleri, elektrik çäýnekleri, tokly gazanlary, bugly gazanlary, kulerleri, induksion plitalary, keramika plitalary, ütükleri, fenleri, terezileri, gaz kolonka (kombi), ýagly elektrik peçleri, howa arassalaýjylary, howa çyglandyryjylary, toster, et üweýän maşyn, kofe apparat ýaly tehnikalary bar.

Şeýle hem dükanda Italiýanyň Evvoli brendiniň önümleriniň serwis merkezi hem hyzmat eder. Harytlaryň ählisine 3 ýyla çenli kepillik berilýär.
Dükanyň açylyşy hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli ýörite aksiýalar geçirilýär. Ýagny 7-12-nji mart aralygynda ähli harytlara 10-20-30 göterime çenli arzanladyşlar geçiriler.
Bulardan başga-da, müşderiler harytlary 3 aý garaşaryna hem satyn alyp bilerler.
Dükanda nagt hem nagt däl tölegler kabul edilýär.
Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çäginde mugt ýerine ýetirilýär.

 

Salgysy: Aşgabat ş., Hoja Ahmet Ýasawy köçesi (Gribaýedow köçesi)
Telefon belgileri: 71-69-45 / 72-64-68
Instagram: @evvoli.tm
IMO:+993 65 677393


12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6.1k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....