Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça «Belawia» awiakompaniýasynyň biletleriniň bahasy arzanlady

  • 06.03.2023 12:03
  • 24k+

«Belawia» belarus awiakompaniýasy Minsk - Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlary üçin biletleriniň bahasyny 262,80 dollar möçberde kesgitledi.

Biletiň bahalary üýtgäp biler diýip awiakompaniýa belleýär. Netijede, 7-nji mart üçin ekonom klassyň biletiniň bahasy 262 dollar, 14-nji mart we 18-nji mart üçin — 321 dollar, 28-nji mart üçin 289 dollar. Arzan baha boýunça ýerleriň sany çäklidir.
Minsk - Türkmenbaşy ugry boýunça gatnawlar hepdede bir gezek ýerine ýetirilýär. Minskiden uçar sişenbe güni 22:40-da uçýar we çarşenbe güni Türkmenbaşy şäherine ýerli wagt bilen 4:45-de gonýar.
«Belawia-nyň» awiabiletleriniň onlaýn görnüşde www.belavia.by saýtyndan, şeýle hem iOS we Android mobil goşundylaryndan satyn alyp bilersiňiz.


21.03.2026 07:40
1.7k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

27.01.2026 22:15
15k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
7.1k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.8k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...