Öýde ýa işde seýf näme üçin gerek we Türkmenistanda seýfi nireden satyn alyp bolýar

  • 04.03.2023 14:32
  • 30k+

Her bir öýde nagt pul serişdeleri, gymmatly kagyzlar, zergärçilik önümleri hem-de dürli görnüşli wajyp resminamalar bardyr. Bularyň ählisi howpsuz ýerde saklanmaga mätäçdir. Galyberse-de, diňe öýlerde däl, eýsem, edaralarda hem goragly saklanmagy zerur bolan resminamalardyr gymmatly kagyzlar bolýar. Bu wezipäni bolsa seýfler ýerine ýetirýär. Seýfleriň nähili görnüşleri bar? Seýfi nädip saýlamaly? Türkmenistanda amatly bahadan hem-de kepillikli seýfleri nireden satyn alyp bolar? Bular barada TmCars şu materialynda gürrüň berýär.
Seýfler, esasan, niýetlenilişine, gorag mümkinçiliklerine, şeýle hem gurluş aýratynlyklaryna laýyklykda, biri-birinden tapawutlanýar. Seýfleriň gorag mümkinçilikleri boýunça hem-de ýangyna garşy görnüşleri bolýar.

Seýf satyn aljak bolanyňda nämä üns bermeli?
Seýf satyn almakçy alýan adam ilkinji nobatda ony näme maksat bilen satyn almak isleýändigini kesgitlemeli. Ondan soňra, seýfiň ölçeglerini anyklamaly. Munuň üçin bolsa, seýfi oturtmak isleýän ýeriňizi belli etmeli. Ondan soňra seýfiň resminamalaryny we kepilliklerini barlamaly.
Özüňize laýyk geljek seýfi saýlap almak hem-de ony talaplara laýyk ýagdaýda oturtmak siziň gymmatly serişdeleriňizi gorap saklamaga kömek eder. Bu babatda seýf dükanlarynyň satyjylary size gymmatly maslahatlaryny bererler.

Türkmenistanda seýfi nireden satyn alyp bolýar?
«Hazynaseýf» dükany Türkmenistanda Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän iň uly seýf saýlawyny hödürleýär. Islendik agramdaky we görnüşdäki seýfleri hödürleýän bu dükan Aşgabatda G.Kuliýew (Obýezdnoý) köçesiniň «Gyrat» binasynda ýerleşýär.
Ýakynda dükan önümlerini KREDITE hem berip başlady.
«Hazynaseýf» dükanynyň hünärmenleri islegiňize görä size laýyk geläýjek seýfi saýlamaga kömek ederler hem-de ony dogry ulanmak boýunça maslahatlaryny bererler.
Dükanda koreý, eýran, türk hem hytaý seýfleri bar. Mundan başga-da, islendik agramda, açarly we açarsyz, ýangyna çydamly, şeýle hem diňe kodly, açarsyz seýfler bar.


Seýfleriň giň dürli görnüşleri bilen hazynaseyf.com saýtyna girip, saýlap tanşyp bilersiňiz.
Galyberse-de, müşderi islegine görä, seýfi sargyt edip hem biler.
Dükanda seýfler bilen bir hatarda, pul sanaýan apparatlaryň hem dürli görnüşleri bardyr.
«Hazynaseýf» dükany müşderilere hödürleýän harytlarynyň ählisine resmi taýdan kepillik berýär.
Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň içine, şeýle hem 5 welaýata amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99365 50-77-12;
+99364 50-77-12
Salgy: Aşgabat ş., G.Kyliýew köçesi, (Sewernyý-Halturin) «Gyrat» binasy
Web saýt: hazynaseyf.com

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......