Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Talyp gözeli» yglan edildi

  • 04.03.2023 14:03
  • 62k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa «Talyp gözeli-2023» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we baş baýraga mynasyp boldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 3-nji martda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde geçirildi.
Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň gelen netijelerine görä,

  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji ýyl talyby Güljan Bazarowa birinji;
  • Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Gülşat Gurbangylyjowa we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Azatgül Baýramgeldiýewa ikinji;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Jahan Gurbandurdyýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Bägül Sapardurdyýewa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Akjemal Agajumaýewa dagy üçünji orna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bäsleşiginde talyp gyzlar 3 tapgyrda bäsleşdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, birinji şertde oňa gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdym, goşgy, sahna çykyşlary arkaly görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde talyplar Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler.
Bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan üçünji tapgyrynda talyp gyzlar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Bäsleşikde orun alan ähli talyp gyzlara bäsleşigi guraýjylaryň Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlary gowşuryldy.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......