Karzy tölenmedik ýagdaýynda Ford awtoulaglary özbaşdak banka hereket edip biler

  • 03.03.2023 11:43
  • 19k+

Ford korporasiýasy geljekde awtonom awtoulaglaryň eýeleri awtoulag üçin karzyny üzmese, şeýle awtoulaglaryň satyjylara gaýdyp gelmegine mümkinçilik berýän ulgamy patentlemekçi bolýar.

Bu barada The Times gazeti habar berdi. Bellenilişi ýaly, oýlap tapyş üçin degişli resminamalar ABŞ-nyň patent gullugyna tabşyryldy.
Makalada aýdylyşyna görä, kompaniýa awtoulag üçin karzyny ýa-da awtoulagyň kärendesi üçin şertnamasynyň tölegini tölemeýän sürüji üçin durmuşy mümkin boldugyça oňaýsyz etmegi meýilleşdirýär. "Köp basgançakly saklamagyň" çäklerinde ilki awtoulag galan karzyny üzmegini talap edip, maglumat ulgamy arkaly sürüjä yşarat iberip başlar. Indiki tapgyrda, "belli bir derejede oňaýsyzlyk döretmek" üçin awtoulagyň hemra nawigasiýa ulgamyny, ses gataldyjylaryny, kondisionerini öçürmek meýilleşdirilýär.
Eger awtoulagyň eýesi bu çäreleri hem äsgermezlik edýän bolsa, ol her gezek destiň başyna geçende, "üznüksiz we ýakymsyz ses" çykaryp başlajak ses ulgamy işjeňleşdiriler diýip, gazet kompaniýanyň beýannamasyndan alnanlara salgylanýar. Geljekde awtoulag eýesiniň islän ýerine sürmek mümkinçiligini bökdäp başlar, ýöne işine gitmäge we yza gaýdyp gelmäge rugsat berer. Şeýle kadadan çykma awtoulag sürüjisiniň girdejisini ýitirmezligi we karzy yzyna gaýtarmak mümkinçiliginiň ýitmezligi üçin ediler.
Awtoulagyň eýesi bu synaglaryň hemmesinden aman gutulsa we duýduryşlara gulak asmasa,  ulgam eýýäm könelen diýip hasaplasa, awtoulag gaýtadan salona ýa-da köne ulaglaryň duralgasyna özbaşdak gaýdyp geler.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....