Türkmenistanda «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 02.03.2023 11:14
  • 32k+

1-nji martda Aşgabatdaky «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan gelin-gyzlar 7 ugur boýunça bäsleşdiler. Zenanlaryň köpugurly ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşige dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň ýeňijileri:

  • «Ýylyň işewür zenany» – Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 1-nji Saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Amandursun Orazmuhammedowa.
  • «Ýylyň çeper elli zenany» – Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Habiba Hojaniýazowa.
  • «Ýylyň sungatda işjeň zenany» – Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa.
  • «Ýylyň mährem zenany» – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Gülaýym Gurdowa.
  • «Ýylyň watançy zenany» – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Harby talyplar batalýonynyň aýratyn harby talyplar rotasynyň serkerdesi Tawus Tagandurdyýewa.
  • «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Sähra geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Ogulbibi Dädäýewa
  • «Ýylyň telekeçi zenany» – Aşgabat şäherindäki «Zybagözel» Milli modalar öýüniň ýolbaşçysy Zybagözel Hydyrgulyýewa.

19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......