Hyundai täze Elantra 2024-iň ilkinji suratlaryny çap etdi

  • 01.03.2023 11:31
  • 20k+

Hyundai, artykmaç şowhun etmezden, modeli Avante ady bilen satylýan, 2024-nji model ýylynyň täzelenen Hyundai Elantra-synyň suratlaryny Günorta Koreýadaky web sahypasynda çap etdi.

Ýedinji nesli bolan Hyundai Elantra-nyň  2020-nji ýylyň mart aýynda hödürlenendigini we şol ýylda satuwa çykarylandygyny ýatladýarys. Şeýle-de bolsa, Hyundai öz model hataryny ýygy-ýygydan täzeläp durmak endigini öňden bäri ösdürip gelýär.
Üýtgeşmeleriň esasy bölegi öň tarapda görünýär, bu ýerde ýalpyldawuk faralar gözenegiň ähli giňliginden geçýän golaýda goşulan demir planka bilen berkidilýär. Hyundai radiatoryň gözenegini iki bölege bölmek kararyna geldi. Bamperiň burçlaryndaky emeli howa çekijiler öňdäki panele has sport görnüşini berýär.

Psewdo-diffuzorly we bir burçdan beýlekisine uzalyp gidýän giň U şekilli kümüş elementi bolan yzky bamper düýbünden başgaça görünýär. Gyzyl kese serpikdirijiler birneme giňräk ýaly görünýär.
Bu bary-ýogy feýslifting bolansoň, gapdal profil kän bir üýtgemedi. Iki reňkli täze tigirler peýda bolupdyr we yzky sütünindäki plastmassa paneli has çylşyrymly nagşa eýe.
Häzirki Hyundai Elantra modeli göwrümi 123-den 280 at güýji bolan 1,6-2 litr göwrümli birnäçe hereketlendirijini, şeýle hem gibrid görnüşi saýlady.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....