Ford uly Edge L 2024 krossowerini görkezdi

  • 28.02.2023 11:46
  • 8.1k+

Ford kompaniýasy benzin bilen işleýän hereketlendirijili we gibrid görnüşlerinde elýeter bolan uly, üç hatarly, ýedi orunlyk krossower ulagy bolan, 2024-nji model ýylynyň Ford Edge L-ni görkezdi.

Täze Ford Edge L  Ford Edge Plus-yň mirasdüşeri bolup, hatarda has uly Equator-dan aşakda durýar. Ol meňzeş stilistiki çözgütleri kabul etmek bilen, Fusion-ny, Mondeo-ny, Equator-y we Equator Sport -y işläp taýýarlan şol bir topar tarapyndan döredildi.
Wnedorožnigiň öň tarapynda reňklenen LED faralaryň bir bölegini we toplumyna baglylykda dürli howa çekijileri öz içine alýan uly gözenegi bar. Awtoulag 20 dýuým-lyk ýa-da 21 dýuým-lyk ýeňil erginden ýasalan diskalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Yzky tarapda LED çyralary Ford nyşanynyň aşagyndaky gara Edge ýazgysy bilen birleşdirilýär.


Esasy wersiýasynda 2.0 litrlik dört silindrli EcoBoost hereketlendirijisi 249 at güýjüni öndürýär we aýlanýan pursady 378 Nm. Şeýle hem 271 at güýji bolan has güýçli gibrid görnüşi bar we aýlanýan pursady 405 Nm , sarp edilişi 6.31 l / 100 km we aralygy WLTC aýlawynda ýöreýiş ätiýajy 1188 km-e ýetýär. Kuwwaty dört tigriň hemmesine deň paýlanýar.
Krossoweriň aprel aýynda bazara çykmagyna we gibrid görnüşiniň iýul aýynda peýda bolmagyna garaşylýar.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....